«Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 9, 5175-nji madda)
Bitarap Türkmenistan döwletimiziň garaşsyzlygyny berkitmekde, ýaş neslimizi ata Watanymyza bolan mukaddes söýgi ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary we ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini üpjün etmäge goşan goşandy üçin hem-de ilimiziň arasynda uly abraýa eýedigini nazarda tutup, karar edýärin:
Aşgabat şäheriniň Azatlyk etrabynyň ýuridik konsultasiýasynyň adwokaty Geldi Dönmezowa,
Ahal welaýatynyň Aşgabat etrabynyň «Ýerbent» daýhan birleşiginiň çopany Abdy Hojamuhammedowa,
Daşhowuz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň başlygy Kakajan Saparowa,
Lebap welaýatynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Jora Mämmetjumaýewe,
Baýramaly şäheriniň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Nazar Agajanowa,
Balkan welaýatynyň Nebitdag şäherinden pensioner Baýramgylyç Amangylyjowa «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 24-nji sentýabry
№ PP-1907