Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Milli baýramçylygyny-Bitaraplyk Gününi bellemek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Milli baýramçylygyny-Bitaraplyk Gününi bellemek hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Türkmenistanyň Milli baýramçylygyny-Bitaraplyk Gününi bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 12, 2898-nji madda)

Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde hemişelik bitarap döwlet hökmünde tassyklanylmagynyň taryhy we syýasy ähmiýetini nazara almak bilen hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995 ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakyndaky» rezolýusiýany kabul etmegi mynasybetli, karar edýärin:

12-nji dekabry Türkmenistanyň her ýyl bellenilýän Milli baýramçylygy - Bitaraplyk Güni diýip bellemeli we bu güni iş güni däl diýip yglan etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 27-nji dekabry

№ PP-1698