Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Amnistiýa hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Amnistiýa hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Amnistiýa hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 12, 2896-nji madda)

Ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň jar eden hemişelik bitaraplyk statusyny ykrar etmek hakynda rezolýusiýany kabul etmegi mynasybetli, karar edýärin:

1. Şu iş kesilenleri jeza çekmekden boşatmaly;

a) aýallary;

b) I we II toparlardaky maýyplary;

w) inçekeseliň güýçlenýän görnüşi (dispanser hasaba alşyň birinji topary), II, III, IV toparlardaky howply onkologik keseller bilen kesellen adamlary;

g) kämillik ýaşyna ýetmedikleri we 18 ýaşy dolmanka jenaýat eden adamlary;

d) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary, Watanyň bähbitlerini goramak baradaky söweş hereketlerine gatnaşan we internasional borjuny ýerine ýetiren adamlary, şeýle hem 1941-1945 ýyllardaky Beýik Watançylyk urşy döwründe janypkeşlikli çeken zähmeti üçin SSSR-iň ordenler we medallary, edermençilikli zähmeti üçin ordenler we medallar bilen sylaglanan adamlary;

ýe) 60 ýaşdan geçen erkek adamlary.

2. Şulary jeza çekmekden boşatmaly:

a) seresapsyzlyk zerarly jenaýat eden adamlary;

b) bilkastlaýyn jenaýat edendigi üçin 5 ýyla çenli we 5 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlary.

3. Eden jenaýatynyň görnüşine we bellenilen jeza möhletine garamazdan, şu Permanyň güýje giren gününe çenli galan möhleti 1 ýyldan köp bolmadyk iş kesilenleri jeza çekmekden boşatmaly, şu Permanyň 9 maddasynyň "g" we "d" punktunda görkezilen adamlar muňa girmeýär.

4. Şertli iş kesilenleri, hökümiň ýerine ýetirilmegini gaýra goýmak bilen, azatlykdan mahrum etmäge iş kesilenleri, zähmete hökman çekmek bilen, azatlykdan mahrum etmäge şertli iş kesilenleri, azatlykdan mahrum ediş zähmete hökman çekmek bilen, şertli boşadylanlary, şeýle hem azatlykdan mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmadyk beýleki jeza çärelerine iş kesilenleri jeza çekmekden boşatmaly.

5. Düzgün-nyzam batalonyna ibermäge iş kesilen harby gullukçylary jeza çekmekden boşatmaly.

6. Şu Permanyň 1, 2, 4, 5 maddalarynda sanalyp geçilen we 8-9 maddalarynyň täsirine düşmeýän adamlar barasynda şu Permanyň güýje girmezinden ozal edilen jenaýatlar hakyndaky ähli derňew işlerini we sudlar tarapyndan garalmadyk işleri önümçilikden ýatyrmaly.

7. Şularyň çekilmedik jeza möhletini aşakda görkezilişi ýaly kemeltmeli:

a) bilkastlaýyn jenaýatlar üçin 5 ýyldan ýokary hem-de 10 ýyla çenli we 10 ýyl möhlete azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen we şu Permanyň 1 we 3 maddalarynyň täsirine düşmeýän adamlaryň - ýarpy möçberinde;

b) bilkastlaýyn jenaýatlar üçin 10 ýyldan köp möhlete iş kesilen hem-de şu Permanyň 1-3 maddasynyň täsirine düşmeýän adamlaryň-üçden bir bölegi möçberinde;

8. Şu Permanyň 1 maddasynyň güýjüni şu iş kesilenlere degişli etmeli däl:

a) Türkmenistanň Jenaýat kodeksiniň 62-71 maddalarynda löz öňünde tutulan aýratyn howply döwlet jenaýatlaryny, şeýle hem 75 maddasynda (banditizm), 77 maddasynyň dördünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda edilen kontrobanda), 92 (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emlägini iýmek maksady bilen garakçylyk edilmegi), 95 (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emläginiň talaňçylyk, garakçylyk we kezzapçylyk arkaly aýratyn uly möçberlerde iýilmegi) maddalarynda, 98 maddasynyň üçünji böleginde (döwlet emlägini ýa-da döwlete kärhananyň, edaranyň, guramanyň emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda görkizyp almak), 106 (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastdan adam öldürmek), 107 (bilkastdan adam öldürmek), 110 (enäniň täze dogan çagany öldürmegi) maddalarynda, 113 maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda syna bilkastlaýyn agyr şikes ýetirmek), 122 (zorlamak), 126 (beçebazlyk), 157 (garakçylyk etmek) maddalarynda, 159 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda gorkuzyp almak), 220 (milisiýa işgäriniň ýa-da halk družinaçysynyň janyna kast etmek) maddalarynda, 243 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda transport serişdelerini alyp gaçmak), 257 maddasynyň dördünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda neşe maddalarynyň satmak maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy), 257-2 (neşe maddalarynyň oguranmak) we 260 maddalarynda (jelephana saklamak we oýnaşlary duşurujylyk etmek) göz öňünde tutulan jenaýatlary edenlere;

b) sud tarapyndan bellenilen jeza möhletini doly çekmänkä amnistiýa boýunça ýa-da günä geçmek tertibinde azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden ozal boşadylanlara we ýene-de bilkastdan jenaýat edenlere.

w) aýratyn howply ressidiwist diýlip ykrar edilenlere.

9. Şu Permanyň 2, 4-7 maddalarynyň güýjüni şu iş kesilenlere degişli etmeli däl:

a) Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 62-71 (aýratyň howply döwlet jenaýatlary), 75 (banditizm), 76 (düzediş-zähmet edaralarynyň işini bulaşdyrýan hereketler), 77 (kontrabanda), 78 (köpçülikleýin tertipsizlikler), 85 (gatnaw ýollaryny we transport serişdelerini zaýalamak), 86 (galp pullary ýa-da gymmatly kagyzlary ýasamak ýa-da ýerlemek), 88 (döwlete garşy jenaýatlary habar bermezlik), 89 (döwlete garşy jenaýatlary ýaşyrmak) maddalarynda, 90 maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda iýilmegi), 91 maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda talaňçylyk arkaly iýilmegi), 92 (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramaryň emlägini iýmek maksady bilen garakçylyk edilmegi) maddasynda, 94 maddasynyň üçünji böleginde (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emläginiň günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda kezzapçylyk arkaly iýilmegi), 95 (döwlet emläginiň ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emläginiň ogurlyk, talaňçylyk, garakçylyk we kezzapçylyk arkaly aýratyn uly möçberlerde iýilmegi) maddasynda, 98 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda gorkuzyp almak), 101 maddasynyň ikinji böleginde (döwlet emlägini ýa-da döwlete dahylsyz kärhananyň, edaranyň, guramanyň emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bikastdan ýok etmek ýa-da zaýalamak), 106 (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastdan adam öldürmek), 107 (bilkastdan adam öldürmek), 113 (syna bilkastdan agyr şikes ýetirmek), 122 (zorlamak), 125 (azgynçylyk hereketleri), 126 (beçebazlyk), 135 (çagany ogurlamak ýa-da çalşyrmak), 136-1 (adamlary girewine almak) maddalarynda, 155 maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda ogurlamak), 156 maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda talamak), 157 (garakçylyk etmek) maddasynda, 158 maddasynyň üçünji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda kezzapçylyk etmek), 159 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda gorkuzyp almak), 163 maddasynyň ikinji böleginde (graždanlaryň şahsy emlägini günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda bilkastdan ýok etmek ýa-da zaýalamak), 194 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda para almak), 214-3 (jemgyýetçilik tertibini bozýan toparlaýyn hereketleri guramak ýa-da şolara işeňňir gatnaşmak), 220 (milisiýa işgäriniň ýa-da halk družinaçysynyň janyna kast etmek) maddalarynda, 236 maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde (zannyýamançylykly we aýratyn zannyýamançylykly huligançylyk etmek), 239 (kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jenaýatly işe çekilmegi), 239-2 (kämillik ýaşyna ýetmedikleri dermanlyk we beýleki serişdeleri baş aýlanmaga getirýän ýagdaýlarda medisina dahylsyz sarp etmäge çekmek) maddalarynda, 243 maddasynyň ikinji we uçünji böleklerinde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda transport serişdelerini alyp gaçmak), 244-2 (demir ýoluň hereket edýän sostawyny, howa, deňiz ýa-da derýa gämisini alyp gaçmak ýa-da basyp almak, wokzaly, aerodromy, porty ýa-da gaýry transport kärhanasyny basyp almak, ýükleri basyp almak), 249 ( ok atýan ýaragy, söweş ok-därilerini we partlaýjy maddalary bikanun ýerlemek), 250 ( ok atýan ýaragy, söweş ok-därilerini ýa-da partlaýjy maddalary ogurlamak), 257 (neşe maddalarynyň ýerlemek maksady bilen bikanun taýýarlanylmagy) maddalarynda, 257-1 maddasynyň ikinji böleginde (günäni agyrlaşdyrýan ýagdaýlarda satmazlyk maksady bilen neşe serişdelerine bikanun çemeleşilmegi), 257-2 (neşe maddalarynyň ogurlanylmagy), 259-3 (neşe maddalaryny ulanmak üçin neşehanalaryň guralmagy ýa-da saklanylmagy), 259-5 (köpçülikleýin çäreler geçirilen mahaly neşe serişdelerini sarp etmegi guramak), 260 (jelephana saklamak we oýnaşlary duşuryjylyk etmek), 270 (naçalnige garşylyk görkezmek ýa-da ony gulluk borjuny bozmaga mejbru etmek), 272 (naçalnik barasynda zorlukly hereket), 281 (harby emlägi bilgeşleýin ýok etmek ýa-da zaýalamak) maddalarynda, 290 maddasynyň «b» we «w» punktlarynda (häkimiýeti hyýanatçylykly ulanmak, häkimiýetiň çäginden çykmak ýa-da hereketsizligi) göz öňünde tutulan jenaýatlary edenlere;

b) bilkastlaýyň jenaýat üçin ozal iş kesilen we ýene-de bilkastlaýyn jenaýat eden adamlara;

w) sud tarapyndan bellenilen jeza möhletini doly çekmänkä amnistiýa boýunça ýa-da günä geçmek tertibinde azatlykdan mahrum ediş ýerlerinden ozal boşadylanlara we ýene-de bilkastdan jenaýat edenlere;

g) aýratyn howply residiwist diýlip ykrar edilenlere;

d) jeza çekmek üçin koloniýalardan türmä geçirilenlere.

10. Şu Permanyň 1 maddasynyň "a", "g", "d" we "ýe" punktlarynyň hem-de 2 - 6 maddalarynyň güýjüni ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmadyk, şeýle hem esassyz baýamagyň möçberlerini tölemedik adamlara degişli etmeli däl.

11. Eden jenaýaty üçin jeza çäresi bilen bir hatarda, arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da weneriki kesellerden mejbury bejeriş çäreleri bellenilen hem-de şu Permana laýyklykda jeza çekmekden boşatmaga degişli adamlar barasynda amnistiýa akty bejerişiň doly kursy tamamlanandan soň ulanylýar, şu Permanyň 1 maddasynyň "a", "b", "w" we "g" punktlarynda sanalyp geçilen adamalar muňa girmeýär.

Şu Permanyň 1 maddasynyň "a", "b", "w" we "g" sanalyp geçilen, eden jenaýaty üçin jeza çäresi bilen bir hatarda arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da weneriki kesellerden mejbury bejeriş çäreleri bellenilen hem-de şu Permana laýyklykda jeza çekmekden boşatmaga degişli adamlar barasynda amnistiýa akty soňra bejerişi ýaşaýan ýerinde hökman dowam etdirmek şerti bilen ulanylýar.

12. Jeza çekýän wagtynda tussagda saklaýyş ýerlerinden ýa-da tussag astyndan birinji gezek gaçan, ýa bolmasa azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany çekmekden boýun gaçyran hem-de şu Perman çap edilen günden başlap 30 gün möhletiň dowamynda milisiýa organlaryna ýa-da jeza çeken ýerine meýletin gaýdyp baran adamlar şu jenaýatlar üçin (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 209, 209-1 maddalary boýunça) jogapkärçilikden boşadylýar hem-de şu Permana laýyklykda umumy esaslarda amnistiýa etmege degişlidir.

13. Harby bölüminden ýa-da gulluk edýän ýerinden rugsatsyz giden, şu Perman çap edilen günden başlap 30 gün möhletiň dowamynda öňki gulluk edýän ýerine ýa-da etrap(şäher) harby komissarlyklaryna meýletin baran harby gullukçylar, gaçgaklar, şeýle hem hakyky harby gulluga nobatdaky çagyryşdan boýun gaçyran adamlar şu jenaýatlar üçin (Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 79, 276, 277 maddalary boýunça) jogaokärçilikden boşadylýar we soňka gullugy dowam etmek şerti bilen, şu Permana laýyklykda umumy esaslarda amnistiýa etmäge degişlidir.

14. Amnistiýa ulanylan adamlara, eger olar özleri barada amnistiýa akty ulanylanyndan soň jezasynyň çekilmedik böleginiň dowamynda täzeden bilkastdan jenaýat etseler, onda suduň täze höküm boýunça bellenilen jeza çäresine öňki höküm boýunça bellenilen jeza çäresiniň çekilmedik bölegini degişlilikde dolulygyna ýa-da kem-käsleýin goşjakdygy barada ýazmaça duýduryş berilýär.

Özleri barasynda amnistiýa aktynyň ulanylmagy bilen baglanyşyklylykda derňew we doznaniýe organlary tarapyndan jenaýat işi bes edilen adamlar bir ýylyň dowamynda täze bilgeşleýin jenaýat eden halatynda önümçiligi prokuror tarapyndan dikeldilýän, birleşdirilýän we derňelýän iş boýunça janaýat jogapkärçiligine degişlidir.

15. Türkmenistanyň sudlary tarapyndan, şeýle hem Türkmenistanyň territoriýasynda SSSR-iň sudlary tarapyndan iş kesilen adamlar şu Permanyň täsirine düşýär.

16. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär hem-de dört aýyň dowamynda ýerine ýetirilmäge degişlidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 27-nji dekabry

№ PP-1696

Salgylanýar