Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Gurluşyk we ýol-gurluşyk pudaklarynyň işgärlerine «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Gurluşyk we ýol-gurluşyk pudaklarynyň işgärlerine «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Gurluşyk we ýol-gurluşyk pudaklarynyň işgärlerine «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 5, 4066-njy madda)

Tejen-Sarahs aralygyndaky täze demir ýolunyň gurluşygyny üstünlikli tamamlamaga goşan uly şahsy goşandy üçin:

Türkmenistanyň gurluşyk we arhitektura ministrliginiň «Türkmenýöritemontaž» önümçilik birleşiginiň Çärjewdäki «Himmontaž» aksioner jemgyýetiniň slesarlar brigadasynyň brigadiri Wiktor Wladimirowiç Belozersewe;

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Sarahsdaky № 10 ýol-gurluşyk uprawleniýesiniň ekskowator maşinisti Goçmyrat Gurdowa;

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Marydaky ýol gurluşyk trestiniň № 17 ýol-gurluşyk uprawleniýesiniň awtogreýder maşinisti Aşyrdurdy Mommaýewe;

Türkmenawtoýollary döwlet konserniniň Marydaky ýol gurluşyk trestiniň № 17 ýol-gurluşyk uprawleniýesiniň katok maşinisti Gurbanmuhammet Öwezmuhammedowa;

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň Büzmeýindäki ýol-gurluşyk materiallaryny çykarmak baradaky kombinatynyň ekskowator maşinisti Wladimir Stepanowiç Rogowa;

Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrliginiň «Arkaçgurluşyk» önümçilik birleşiginiň Aşgabatdaky iri panelli öý gurluşyk zawodynyň galyplaýjysy Amangeldi Sähetmyradowa;

Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrliginiň Seýdi şäherindäki «Nebitzawodmontaž» aksioner kärhanasynyň montažçysy Atamyrat Hojamyradowa «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 31-nji maýy

№ PP-1824