Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ş. Ismailow we A. Gylyçdurdyýew ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Ş. Ismailow we A. Gylyçdurdyýew ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Ş. Ismailow we A. Gylyçdurdyýew ýoldaşlary «Gaýrat» medaly

bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 12, 2885-nji madda)

Türkmenistanyň demir ýol transporyny ösdürmäge goşan uly goşandy üçin we Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň Gazanjykdaky lokomotiw deposynyň döredilen gününiň 100 ýyllygy mynasybetli:

Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň Gazanjykdaky lokomotiw deposynyň teplowozlaryň elektrik enjamlaryny abatlamak boýunça slesary Şamir Ismailowy;

Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň Gazanjykdaky lokomotiw deposynyň teplowoz maşinisti Aşyr Gylyçdurdyýewi «Gaýrat» medaly bilen salyglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 11-nji dekabry

№ PP-1684