Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Býujet sferasynyň işgärleriniň iş hakyny ýokarlandyrmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Býujet sferasynyň işgärleriniň iş hakyny ýokarlandyrmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Býujet sferasynyň işgärleriniň iş hakyny ýokarlandyrmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 2, 5477-nji madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 18.02.1998 ý. çykaran № PP-2472 Permany esasynda

girizilen üýtgetmeler bilen)

Býujet sferasynyň işgärleriniň zähmetini höweslendirmek we graždanlaryň sosial taýdan goraglylygyny güýçlendirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Býujetden maliýeleşdirilýän guramalaryň we edaralaryň işgärleriniň wezipe iş hakynyň esasy möçberlerini 1997 ýylyň 1 martyndan başlap 2 esse ýokarlandyrmaly.

2–nji punkty Türkmenistanyň Prezidentiniň 18.02.1998 ý. çykaran № PP-2472 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 7-nji fewraly

№ PP-2117