Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P Е R M A N Y

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 1, 5416-njy madda)

Gazanan üstünlikleri we garaşsyz bitarap Türkmenistanyň bank sistemasynyň kemala gelmegine goşan uly şahsy goşandy üçin hem-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň 5 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň buhgalteriýa hasaba alşy we hasabatlylygy departamentiniň başlygy - baş buhgalteri Swetlana Nikolaýewna Myradowany,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hukuk gullugy departamentiniň başlygy Wladimir Leonidowiç Ýaroşenkony,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň döwlet we bank kreditleri hem-de kepillendirmeleri departamentiniň başlygynyň orunbasary tehniki ekspertizalar, analiz hem-de kontrollyk uprawleniýesiniň başlygy Mämmet Meredowiç Mämmedowy,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara hasaplaşyklar departamentiniň başlygynyň orunbasary müşderilik gatnaşyklary bölüminiň başlygy Galina Iwanowna Dubininany,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň administratiw hojalyk bölüminiň başlygy Gurbangeldi Aňkarowy,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň operasion uprawleniýesiniň kassa operasiýalary bölüminiň başlygy Zinnet Jumaýewany,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň operasion uprawleniýesiniň ilatyň goýumlary bölüminiň başlygy Ruslan Soltanowiç Saparalyýewi «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 23-nji ýanwary

№ PP-2105