Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Göçýän adamlaryň döwlet we jemgyýetçilik ýaşaýyş jaý fondundaky kwartiralary hususylaşdyrmak baradaky hukuklary hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Göçýän adamlaryň döwlet we jemgyýetçilik ýaşaýyş jaý fondundaky kwartiralary hususylaşdyrmak baradaky hukuklary hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Göçýän adamlaryň döwlet we jemgyýetçilik ýaşaýyş jaý fondundaky kwartiralary hususylaşdyrmak baradaky hukuklary hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 10, 2832-nji madda)

Göçmek prosesini düzgünleşdirmek we göçýän adamlaryň hukuklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň Hökumeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hokümetiniň arasyndaky Ylalaşygy ýerine ýetirmek üçin, karar edýärin:

1. Göçmek prosesini düzgünleşdirmek we göçýän adamlaryň hukuklaryny goramak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökumetiniň arasyndaky Ylalaşyk esasynda göçýän adamyň statusyna eýe bolan adamlara Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik ýaşaýyş jaý fondundaky jaýlardaky kwartiralary şahsy eýeçilige satmaga (olaryň şol kwartiralary hususylaşdyrmagyna) ygtyýar bermeli.

Öz eýeçiligi bolup duran emlägi, şol sanda hususylaşdyrylan kwartiralary islegine görä satmaga, peşgeş bermäge, olary çalyşmaga, miras galdyrmaga ýa-da olara başgaça ygtyýar etmäge göçýän adamlara hukuk bermeli.

2. Welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleri we Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi şu Permanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 25-nji oktýabry

№ PP-1670