Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň işgärlerine «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň işgärlerine «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň işgärlerine «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 5, 4059-njy madda)

Tejen- Sarahs aralygyndaky täze demir ýolunyň gurluşygyny üstünlikli tamamlamaga goşan uly şahsy goşandy üçin:

Daşhowuz stansiýasynyň ýol maşyn stansiýasynyň ýol brigadiri Orazguly Bäşimowa,

Öwezberdi Kulyýew stansiýasynyň № 1 köpri gurluşyk otrýadynyň proraby Waleriý Mihaýlowiç Latybowa,

Mary stansiýasynyň № 2 ýol maşyn stansiýasynyň ýol montýory Baýramgeldi Agajanowiç Myradowa,

Gyzylarbat stansiýasynyň № 3 ýol maşyn stansiýasynyň ýol montýory Amansähet Orazowiç Nursähedowa,

Aşgabat stansiýasynyň №1 gurluşyk-montaž otlusynyň başlygy Saparmuhammet Geldimyradowiç Tagyýewe,

Türkmenistanyň Döwlet demir ýolunyň elektrik üpjünçiligi gullugynyň başlygy Wladimir Aleksandrowiç Çemarine,

Çärjew ýol distansiýasynyň ýol montýory Saparbaý Şükürowa «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 11-nji maýy

№ PP-1816