Ýoldaş A. Nurgeldiýewe «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş A. Nurgeldiýewe «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti»
diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 5, 4058-nji madda)
Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ösdürmäge goşan uly goşandy we garaşsyz hem-de bitarap Türkmenistanyň gazananlaryny wagyz etmekde bitiren hyzmatlary üçin, «Watan» gazetiniň baş redaktory ýoldaş Annageldi Nurgeldiýew «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 8-nji maýy
№ PP-1812