N. Ataýew we R. Ataýew ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
N. Ataýew we R. Ataýew ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 4, 4003-nji madda)
Türkmenistanda atçylygy ösdürmäge hem-de ahal-teke atlarynyň şöhratyny dikeltmäge goşan uly goşandy üçin:
Ahal welaýatynyň «Aşgabat» etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň seýisi Narly Ataýewe,
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Türkmenistanyň Prezidenti S. A. Nyýazow adyndaky Ahal-teke atçylyk zawodynyň baş atşynas-brigadiri Rahym Ataýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmaly
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1996-njy ýylyň 25-nji apreli
№ PP-1796