Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

W. B. Monahow we W. P. Ostalskiý ýoldaşlara «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

W. B. Monahow we W. P. Ostalskiý ýoldaşlara «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

W. B. Monahow we W. P. Ostalskiý ýoldaşlara «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 4, 3095-nji madda)

Rus we türkmen halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga, garaşsyz Türkmenistanyň teatrlary üçin kadrlary taýýarlamaga goşan uly goşandy üçin we Russiýa Federasiýasynyň Döwlet akademiki Kiçi teatrynyň ýanyndaky M. S. Şepkin adyndaky Ýokary teatr mekdebiniň 185 ýyllygy mynasybetli:

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet akademiki Kiçi teatrynyň ýanyndaky M. S. Şepkin adyndaky Ýokary teatr mekdebiniň professory, milli studiýasynyň çeper ýolbaşçysy Wladimir Bagratowiç Monahowa,

Russiýa Federasiýasynyň Döwlet akademiki Kiçi teatrynyň ýanyndaky M. S. Şepkin adyndaky Ýokary teatr mekdebiniň professory, milli studiýasynyň çeper ýolbaşçysy Wsewolod Porfirýewiç Ostalskä «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 16-njy apreli

№ PP-1787