Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golamreza Bageri-Mogaddamy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary
we Doly ygtyýarly Ilçisi Golamreza Bageri-Mogaddamy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý. № 9, 2777-nji madda)
Türkmen-eýran gatnaşyklaryny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň halklarynyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işine goşan uly şahsy goşandy üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Golamreza Bageri Mogaddamy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 9-njy sentýabry
№ PP-1631