Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Döwletmemmet Azady adyndaky Türkmen döwlet pedagogik diller we edebiýat institutyny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna öwürmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Döwletmemmet Azady adyndaky Türkmen döwlet pedagogik diller we edebiýat institutyny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna öwürmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTININ

P E R M A N Y

Döwletmemmet Azady adyndaky Türkmen döwlet pedagogik

diller we edebiýat institutyny Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutyna öwürmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 8, 2739-njy madda)

Pedagogik kadrlary taýýarlamagy düýpli gowulandyrmak we olary okatmagyň görnüşlerini we usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen karar edýärin:

1. Döwletmämamet Azady adyndaky Türkmen döwlet pedagogik dil we edýebiýat institutyny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna öwürmeli.

2. Türkmenistanda üç dili - türkmen, rus we iňlis dillerini bilýän ýokary hünärli kadrlary taýýarlamak baradaky täze bilim syýasatyny durmuşa geçirmegi baş wezipe hökmünde Döwletmämmet Azady adayndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň üstüne ýüklemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 11-nji awgusty

№ PP-1616