Kabir kanunçylyk aktlaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Kabir kanunçylyk aktlaryny güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 7, 2652-nji madda)
Türkmenistanyň döwlet dolandyryş organlarynyň sistemasyny kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:
Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
«Türkmenistan SSR respublikan Söwda ministrligini Türkmenistan SSR soýuz-respublikan Söwda ministrligine öwürmek hakynda Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň 1964-nji ýylyň 21-nji aprelinde çykaran Ukazyny (TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1964-nji ýyl, № 12, 29-njy sahypa);
«Döwlet respublikan ilata durmuş taýdan hyzmat ediş birleşgini döretmek hakynda» Türkmenistan SSR-niň Prezidentiniň 1990-njy ýylyň 26-njy noýabrynda çykaran № 18 permanyny;
«Türkmenistan SSR-niň Prezidentiniň 1990-njy ýylyň 26-njy noýabrynda çykaran № 18 Permanyny kem-käsleýin üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentnniň 1991-nji ýylyň Nowruz aýynyň 19-da çykaran № 51 permany;
«TSSR Döwlet ilata-durmuş taýdan hyzmat ediş birleşigi hakyndaky düzgünnamany tassyklamak barada» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1991-nji ýylyň 8-nji iýulynda çykaran № 296 kararyny;
«Türkmenistanyň ilata durmuş taýdan hyzmat ediş sferasyny dolandyrmagy kämilleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 25-nji fewralynda çykaran № 1670 kararyny.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1995-nji ýylyň 1-nji iýuly
№ PP-1572