Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Türkmenistanyň Hormatly graždany» diýen at hakyndaky düzgünnamany tassyklamak barada

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

«Türkmenistanyň Hormatly graždany» diýen at hakyndaky düzgünnamany tassyklamak barada

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň Hormatly graždany» diýen at hakyndaky

düzgünnamany tassyklamak barada

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1995 ý., № 7, 2651-nji madda)

1. «Türkmenistanyň Hormatly graždany» diýen at hakyndaky düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

2. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunlaryna girizmek hakyndaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamalydyr hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Apparatyna bermelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1995-nji ýylyň 1-nji iýuly

№ PP-1571

Türkmenistanyň Prezidenitiniň

1995- nji ýylyň 1-nji iýulynda

çykaran № PP-1571 Permany bilen

tassyklanyldy

«Türkmenistanyň Hormatly graždany» diýen at hakynda

DÜZGÜNNAMA

1. «Türkmenistanyň Hormatly graždany» diýen at daşary ýurt graždanlaryna, Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryň emele gelmegine we ösüşine olaryň goşan, aýratyn goşandyny, garaşsyz Türkmenistanyň dünýä arenasyndaky abraýyny pugtalandyrmakdaky olaryň bitiren hyzmatlaryny ykrar etmegiň alamaty hökmünde dakylýar.

2. «Türkmenistanyň Hormatly graždany» diýen at Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Hormatly graždany» diýen ady dakmak hakyndaky Permany resmi metbugatda çap edilýär.

3. «Türkmenistanyň Hormatly graždany» diýen at dakylýan adamlara dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan şahadatnama hem-de, ýadygärlik lentasy gowşurylýar, olaryň atlary bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň Apparatynda saklanylýan «Türkmenistanyň Hormatly graždanlary» diýen kitaba girizilýär.

4. «Türkmenistanyň Hormatly graždany» diýen ada mynasyp bolan adamlaryň şulara hukugy bardyr:

Türkmenistana wizasyz gelmäge;

Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan tertipde Türkmenistanyň territoriýasy boýunça erkin hereket etmäge;

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň baýram edilmeginiň hormatyna geçirilýän demonstrasiýalar we mitingler hem-de beýleki baralar wagtynda Türkmenistanyň Döwlet tribunasyna erkin barmagy;

5. «Türkmenistanyň Hormatly graždany» diýen ada mynasyp bolan adam eger özüni ýaramaz alyp barmak bilen Türkmenistanyň halkynyň ösünde abraýdan düşse, şu ýokary atdan mahrum edilip bilner.

«Türkmenistanyň Hormatly graždany» diýen atdan mahrum etmeklik Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen amala aşyrylýar.