K. Orunbasarow we Ç. T. Rustamowa ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
K. Orunbasarow we Ç. T. Rustamowa ýoldaşlary «Gaýrat»
medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 11, 2318-nji madda)
Netijeli jemgyýetçilik işi we ilat arasynda garaşsyz Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatyny düşündirmek we wagyz etmek barada uly iş geçirýändigi üçin:
Türkmenistan Demokratik partiýasynyň Daşhowuz welaýat komitetiniň sekretary Kaldybaý Orunbasarowy,
Türkmenistan Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň sekretary Çynar Täjiýewna Rustamowany «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 29-njy noýabry
№ PP-1418