M. H. Annamyradowa,Ýa. Isagulyýew, G. Kagulyýew, I. P. Ostapenko ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
M. H. Annamyradowa,Ýa. Isagulyýew, G. Kagulyýew, I. P. Ostapenko ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 11, 2293-nji madda)
Ýokary hünär ussatlygy, uly önümçilik üslünlikleri, şeýle hem Aşgabat şäherinde smenada 850 adamy kabul edýän poliklinikany gurmak hem-de ulanmaga bermek boýunça işi üçin:
Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrliginiň «Türkmenmerkezgurluşyk» gurluşyk uprawleniýesiniň, önümçilik-tehnologik komplektasiýa uprawleniýesiniň neçjarçylyk sehiniň stanokçysy Maral Hojaýewna Annamyradowa,
Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrliginiň «Türkmenmerkezgurluşyk» gurluşyk uprawleniýesiniň №10 gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň uly proraby Ýazguly Isagulyýewe,
Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrliginiň «Türkmenmerkezgurluşyk» gurluşyk uprawleniýesiniň önümçilik-tehnologik komplektasiýa uprawleniýesiniň neçjary Gudyk Kagulyýewe,
Türkmenistanyň Gurluşyk we arhitektura ministrliginiň «Türkmenmerkezgurluşyk» gurluşyk uprawleniýesiniň №5 gurluşyk-montaž uprawleniýesiniň agaç ussasy Iwan Pawlowiç Ostapenko «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 3-nji noýabry
№ PP-1386