Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ýoldaş L. M. Smelýanskä «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Ýoldaş L. M. Smelýanskä «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ýoldaş L. M. Smelýanskä «Türkmenistanyň halk artisti»

diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 10, 2271-nji madda)

Türkmen horeografik sungatyny kemala getirmekde we ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary, Türkmenistanyň Milli halk tans ansamblynyň altyn hazynasyna giren ençeme tanslary goýandygy üçin, merhum Leonid Markowiç Smelýanskä «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 31-nji oktýabry

№ PP-1364