Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Türkmenistanyň hormatly graždany» diýen ady döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

«Türkmenistanyň hormatly graždany» diýen ady döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Türkmenistanyň hormatly graždany» diýen ady döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 10, 2255-nji madda)

Türkmenistanyň beýleki döwletler bilen dostlukly gatnaşyklaryny berkarar etmäge we ösdürmäge daşary ýurt graždanlarynyň goşan aýratyn goşandşy, olaryň dünýä arenasynda garaşsyz Türkmenistanyň abraýyny pugtalandyrmakdaky hyzmatyny ykrar etmegiň nyşany hökmünde, karar edýärin:

1. «Türkmenistanyň hormatly graždany» diýen ady döretmeli.

2. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi «Türkmenistanyň hormatly graždany» diýen at hakyndaky düzgünnamanyň taslamasyny gyzyklanýan ministrlikler we wedomstwolar bilen bilelikde bir aý möhletde taýýarlamalydyr hem-de tassyklamak üçin Türkmenistanyň Prezidentine girizmelidir.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 4-nji oktýabry

№ PP-1347