Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Hormatly atlary dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Hormatly atlary dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Hormatly atlary dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1996 ý., № 1, 2947-nji madda)

Garaşsyz Türkmenistanyň teatr sungatyny ösdürmekde bitiren uly hyzmatlary we «Gala» spektaklynda gahryman türkmen halkynyň wepaly ogullarynyň ajaýyp obrazlaryny döredendigi üçin, şu aşakdakylara hormatly atlary dakmaly:

«Türkmenistanyň halk artisti»

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti Nurberdi Allaberdiýewe,

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti Nurmyrat Annamyradowa,

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti Oraznazar Arrykowa,

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň oýun goýujy režissýory Täçmämmet Mämmetweliýewe,

«Türkmenistanyň at gazanan artisti»

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti Begmyrat Gylyjowa,

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti Orazgeldi Durdyýewe,

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti Muhammetguly Kasymowa,

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artistkasy Jennet Paltaýewa,

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki drama teatrynyň artisti Meret Ylýasowa.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1996-njy ýylyň 15-nji ýanwary

№ PP-1724