Ýoldaş A. Mämmetgulyýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş A. Mämmetgulyýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 9, 2205-nji madda)
Garaşsyz Türkmenistanyň abraýynyň artmagyna, halkymyzyň arasynda agzybirligiň berkemegine, beýik Galkynyşyň rowaçlanmagyna goşýan aýratyn şahsy goşandy üçin ýaşuly žurnalist Annaguly Mämmetgulyýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 6-njy sentýabry
№ PP-1327