Türkmenistanyň Ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň stipendiýalarynyň möçberini artyrmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň stipendiýalarynyň möçberini artyrmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 9, 2202-nji madda)
Talyp ýaşlarynyň okuw döredijilikli çemeleşmegini höweslendirmek we sosial goldawy bermek maksady bilen karar edýärin:
1. 1994-nji ýylyň 1 sentýabryndan başlap ýokary okuw jaýlarynyň okuwa ýetişýän talyplaryna 400 manat möçberinde stipendiýa bellemeli.
2. «Iş hakyny, pensiýalary we stipendiýalary ýokarlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1994-nji ýylyň 13 maýynda çykaran № PP-1230 Permanynyň 5-nji punktunyň ýokary okuw jaýlarynyň talyplarynyň stipendibalarynyň moçberi baradaky bölegi güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1994-nji ýylyň 2-nji sentýabry
№ PP-1323