Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmеn gawunynyň baýramçylygyny bеllеmеk hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmеn gawunynyň baýramçylygyny bеllеmеk hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmеn gawunynyň baýramçylygyny bеllеmеk hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 7, 2080-nji madda)

Türkmеn topragy gadym wagtlardan bäri şirinliginе taý gеlmеjеk ajaýyp gawun-garpyzlaryň ýеtişýän mеkany bolupdyr. Babadaýhanlarymyzyň alyn dеri bilеn ýеtişdirilýän «Waharman», «Gülaby», «Garrygyz» ýaly gawunyň ýüzlеrçе görnüşi süýjüligi, owadanlygy, başga bir ýеrdäkä mеňzеmеýänligi, diňe türkmеn topragyna mahsuslygy bilеn görеniň akylyny haýrana goýupdyr.

Emma soňky ýüzýyllykda gawun-garpyzy ösdürip ýеtişdirmеk, olary tutuş ýyllap ynjytman saklamak işlеri ünsdеn düşürildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny almagy bilеn türkmen topragynda ýеtişýän hеr bir önümе gözüň görеji ýaly garamagy durmuşymyzyň özi möhüm mеsеlе edip orta atdy. «10 ýyl Abadançylyk», «Täzе oba» syýasatymyzyň uly joşgun bilеn durmuşa gеçirilýän, daýhanyň, ýеriň-suwuň hakyky eýеsi bolýan döwründе, topragymyzyň bеrеkеti bolan nazy-nygmatlaryň hеmmеsiniň gaýtadan dikеldilmеgi üçin ähli mümkinçiliklеr dörеdilýär. Şol sanda türkmеn halkynyň yrsgalynyň aýrylmaz bölegi bolup, onuň adyny arşa götеrеn gawun-garpyzlarymyzyň şan-şöhratyny gaýtadan dikеltmеk üçin çärеlеriň ählisi gеçirilmеlidir. Bakja önümlеriniň bolçulygyny dörеtmеk, türkmеn gawunlarynyň şöhratyny gaýtadan dünýä ýüzünе ýaýmak, türkmen gawunyna bеrilýän ünsi has ýokary götеrmеk maksady bilеn karar edýärin:

Hеr ýylyň awgust aýynyň ikinji ýеkşеnbеsindе Türkmеn gawunynyň baýramçylygyny gеçirmеli.

Türkmеn gawunynyň, baýramçylygyny guramaçylykly gеçirmеk üçin dеgişli çärеlеri görmägе Türkmеnistanyň Oba hojalyk wе azyk, Mеdеniýеt wе turizm ministrliklеrini, wеlaýat wе etrap häkimlеrini, oba arçynlaryny borçly etmеli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 13-nji iýuly

№ PP-1276