Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyn Serhet goşunlarynda harby gullugyň möhletleri hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyn Serhet goşunlarynda harby gullugyň möhletleri hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyn Serhet goşunlarynda harby gullugyň möhletleri hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 3, 1877-nji madda)

Serhet goşunlarynyň hil babatdaky düzümini gowulandyrmak Türkmenistanyň Döwlet serhediniň goralyşynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Serhet goşunlarynyň hemişelik söweşjeň taýýarlykdaky goşun bolup durýandygyny nazara alyp, karar edýärin:

1. Geljekde, 1994-nji ýylyň 1-nji aprelinden başlap «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanuna üýtgetmeler girizilýänçä, kadadan çkma hökmünde, Türkmenistanyň Serhet goşunlarynda harby gullugyň aşakdaky möhletlerini bellemeli:

çagyryş boýunça harby gullugy geçýänler üçin - 24 aý;

ýokary bilimi bolanlar we çagyryş boýunça harby gullugy geçýänler üçin - 12 aý.

2. «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 22, 23-nji maddalaryna laýyklykda welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň çagyryş komissiýalaryna Serhet goşunlarynyň wekilleri girmelidir diýip bellemeli.

3. Türkmenistanyň Serhet goşunlary uprawleniýesine Türkmenistanyň Serhet goşunlaryna ugratmak üçin çagyrylýanlary ilkinji nobatda seçip almak hukugyny bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 25-nji marty

№ PP-1200

Salgylanýar