Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Awtomobil transporty we ýol hojalyk ministrligini üýtgetmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň Awtomobil transporty we ýol hojalyk ministrligini üýtgetmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Awtomobil transporty we ýol hojalyk ministrligini üýtgetmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 3, 1842-nji madda)

Awtomobil transportyny, awtomobil ýollaryny gurmagy we ulanmgy dolandyrmagyň strukturasyny kämilleşdirmek maksady bilen karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Awtomobil transporty we ýol hojalyk ministrligini Türkmenistanyň Awtomobil transporty ministrligine öwürmeli.

2. Türkmenistanyň Awtomobil transporty we ýol hojalyk ministrliginiň duzümine giren kärhanalary we guramalary Türkmenistanyň Awtomobil transporty ministrliginiň garamagyna bermeli, «Türkmenawtoýollary» döwlet konserni muňa girmeýär.

«Türkmenawtoýollary» döwlet konserni öz işini hojalyk hasaplaşygy, öz-özüňi maliýeleşdirmek hem-de öz-özüňi dolandyrmak ýörelgelerinde amala aşyrýan özbaşdak önümçilik-hojalyk kompleksi bolup durýar diýip bellemeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 9-njy marty

№ PP-1163