Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň medeniýet işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Türkmenistanyň medeniýet işgärlerine Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň medeniýet işgärlerine Türkmenistanyň hormatly

atlaryny dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1994 ý, № 2, 1820-nji madda)

Türkmenistanyň milli sungatyny ösdürmek işinde bitiren uly hyzmatlary, ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin, şu aşakdakylara Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň halk artisti»

M. Täçmyradow adyndaky türkmen döwlet filarmoniýasynyň baş režissýory Benýamin Rahmetowiç Isakowa.

«Türkmenistanyň at gazanan artisti»

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň, Garadegiş obasynyň Medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysy Rejepguly Annameret ogly Kerimowa.

Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň, Medeniýet öýüniň folklor ansamblynyň solistkasy Nurtäç Tagangylyjowna Kirmanowa.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1994-nji ýylyň 23-nji fewraly

№ PP-1148