Ýoldaş B. Annamyradowa «Türkmenistanyň halk hudožnigi» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
Ýoldaş B. Annamyradowa «Türkmenistanyň halk hudožnigi» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 12, 1711-nji madda)
Şekillendiriş sungatyny ösdürmäge goşan uly goşandy hem-de Türkmenistanyň garaşsyzlygyna bagyşlanan monumental skulptura eserlerini döredenligi üçin, Türkmenistanyň Medeniýet we turizm ministriniň orunbasary - Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri ýoldaş Babasary Annamyradowa «Türkmenistanyň halk hudožnigi» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 18-nji dekabry
№ PP-1083