Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Döwlet pajy hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Döwlet pajy hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Döwlet pajy hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 11, 1644-madda)

(Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.10.1998 ý. çykaran № PP-2646, 04.05.2016 ý. № PP-6992, 16.05.2019 ý. çykaran № PP-510 we 22.02.2021 ý. çykaran № PP-808 Permanlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

I. 1993-nji ýylyň 1-nji dekabryndan başlap Türkmenistanyň territoriýasynda şu aşakdakylar üçin döwlet pajynyň alynmagyny girizmeli:

suda berilýän hak isleýji arzalar, aýratyn önümçilikdäki işler boýunça (şikaýatlar), kassasion şikaýatlar üçin, şeýle hem dokumentleriň sud tarapyndan berilýäň kopiýalary (dublikatlary) üçin;

hak isleýji arzalar, şertnama baglaşmakdan ozalky jedeller boýunça hojalyk suduna berilýän arzalar, şeýle hem hojalyk sudunyň kararlaryna täzeden garamak hakyndaky arzalar üçin;

notarial hereketleri amala aşyrmaga ygtyýar berlen döwlet edaralarynda şeýle hereketleriň edilenligi üçin, şeýle hem olaryň resmi kagyzlaryň taslamalaryny düzendigi, notarial taýdan güwä geçilen resmi kagyzlaryň nusgalaryny (dublikatlaryny) berendigi we tehniki işleri ýerine ýetirendigi üçin;

gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin;

graždanlyk ýagdaýynyň faktlarynyň registrasiýa edilendigi üçin şeýle hem graždanlyk ýagdaýynyň aktlarynyň ýazgylarynyň üýtgedilmegi, üstüniň doldurylmagy, düzedilmegi we dikeldilmegi bilen baglanyşyklylykda graždanlyk ýagdaýynyň aktlarynyň registrasiýa edilendigi hakynda graždanlara şahadatnamalaryň gaýtadan berlenligi üçin;

daşary ýurt pasportlarynyň ýa-da olaryň ornuny tutýan dokumentleriň registrasiýa edilendigi we registraisýa möhletleriniň uzaldylandygy üçin;

ýaşamak üçin pasport goşundylarynyň berlendigi ýa-da uzaldylandygy üçin;

şeýle hem Türkmenistanyň graždanlygyna kabul etmek hakyndaky we Türkmenistanyň graždanlygyndan çykmak hakyndaky arzalar üçin;

ýaşalýan ýeri registrasiýa etmek üçin;

aw awlamak hukugyna ygtyýarnamalaryň berlendigi üçin.

II. Döwlet pajynyň stawkalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

III. Şu aşakdakylary döwlet pajyny tölemekden boşatmaly:

1) Hak isleýjileri - iş hakyny töletdirmek hakyndaky hak -islegler boýunça we zähmet hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan ýa-da zähmet işi bilen baglanyşykly beýleki talaplar boýunça;

2) hak isleýjileri - awtorlyk hukugyndan, şeýle hem açyş, oýlap tapyş, rasionalizatorçylyk teklip we senagat nusgalary baradaky hukukdan gelip çykýan hak-islegleri boýunça;

3) hak isleýjileri - alimentleri töletdirmek hakyndaky hak-islegleri boýunça;

4) hak isleýjileri - maýyplyk ýa-da saglyga başga bir şikes ýetmegi, ekleýjiniň aradan çykmagy sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky hak-islegleri boýunça;

5) sosial strahowaniýe organlary we sosial üpjünçilik organlary - ejir çeken adama ýa-da onuň maşgala agzalaryna tölenilen kömek pullarynyň we pensiýalaryň möçberini zyýan ýetiren adama töletdirmek hakyndaky regressiw hak-islegler boýunça, sosial üpjünçilik organlary bolsa - benzin, awtotransport serişdelerini remont etmek, olara tehniki taýdan hyzmat etmek hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak üçin, inwalidlere awtotransport serişdelerini sürmegi öwretmek üçin çykdajylaryň öwezini doluş summalaryny zyýan ýetirijä töletdirmek hakyndaky regressiw hak-islegler boýunça, şeýle hem ýalňyş tölenilen kömek pullary we pensiýalary töletdirmek hakyndaky hak-islegleri boýunça;

6) hak isleýjileri - jenaýat sebäpli ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky hak-islegleri boýunça;

7) taraplary - bikanun iş kesilmek, tussag astyna almak çäresiniň öňüni alyş çäresi hökmünde bikanun ulanylmagy ýa-da tussag etmek, ýa bolmasa düzediş işleri görnüşde administratiw temminiň, bikanun ulanylmagy netijesinde graždana ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen baglanyşykly jedeller boýunça;

8) ýuridik we fiziki taraplary - jenaýat işleri hem-de alimentleri töletdirmek hakyndaky işler bilen baglanyşyklylykda dokumentleriň olara berlendigi üçin;

9) graždanlary - nikany bozmak hakyndaky işler boýunça kassasion şikaýatlar üçin;

10) graždanlary - döwlet kömek pullaryny we pensiýalaryny almak üçin, şeýle hem howandarlyk we ogullyga almak (gyzlyga almak) işleri boýunça zerur bolan dokumentleriň kopiýalarynyň olara berlendigi üçin ýa-da olaryň dogrulygynyň tassyklanylandygy üçin;

11) ulanylýan kanunlarda göz öňünde tutulan halatlarda beýleki adamlaryň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak üçin arzalar bilen suda ýüz tutan ýuridik hem-de fiziki taraplary;

12) graždanlary - doganlygyny, aradan çykanlygyny, ogullyga alnanlygyny (gyzlyga alnanlygyny), kakasynyň anyklanylandygyny registrasiýa etmek üçin, kakasy anyklanylan, ogullyga alnan (gyzlyga alnan) halatlarda dogluş hakyndaky aktlaryň ýazgylary üýtgedilende, olaryň üsti ýetirilende we olar düzedilende, şeýle hem graždanlyk ýagdaýynyň aktlary registrasiýa edilen mahaly ýol berlen kemçilikler bilen baglanyşyklylykda olara şahadatnamalaryň berlendigi üçin;

13) graždanlary - olaryň döwletiň peýdasyna, şeýle hem döwlet kärhanalarynyň, edaralarynyň we guramalarynyň peýdasyna peşgeş bermek wesýetnamalarynyň hem-de şertnamalarynyň tassyklanylandygy üçin;

14) maliýe we salgyt organlaryny - olara döwletiň miras üçin hukugy hakyndaky şahadatnamalaryň ýa-da dokumentleriň berlendigi üçin, şeýle hem aýratyn önümçilikdäki işler boýunça arzalaryň suda berlendigi üçin;

hak isleýjiler hökmünde çykyş edýän hut şol organlar - býujete tölegleri töletdirmek hakyndaky; kanunlarda bellenilen esaslar boýunça islendik guramaçylyk-hukuk görnüşindäki kärhanalary ýatyrmak hakyndaky; kärhanany döretmegiň, bellenilen tertibi bozulan halatda ýa-da dörediş dokumentleri kanunlaryň talaplaryna laýyk gelmeýän halatynda kärhanalaryň döwlet tarapyndan registrasiýa edilmegini hakyky däl diýip ykrar etmek hakyndaky hem-de şeýle halatlarda alnan girdejileri töletdirmek hakyndaky; şeýle geleşikleri hakyky däl diýip ykrar etmek we şeýle geleşikler boýunça alnan ähli girdejini döwletiň gaznasyna töletdirmek hakyndaky; bikanun hereketler netijesinde alnan girdejini töletdirmek hakyndaky hak-islegleri boýunça;

15) döwlet kärhanalaryny, edaralaryny, guramalaryny - wesýetnama boýunça özüne geçýän emläk baradaky miras hukugy hakynda olara şahadatnamalaryň berlenligi üçin;

16) graždanlary - olara şu aşakdaky emläge miras hukugy hakynda şahadatnamalaryň berlenligi üçin:

öz döwlet we jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşyklylykda döwleti goran mahaly wepat bolan ýa-da adamlaryň, janyny halas etmäge, döwletiň eýeçiligini we hukuk tertibini goramaga gatnaşan adamlaryň emlägi üçin;

hususy eýeçilikde durýan ýaşaýyş jaýy (kwartira) üçin, eger-de olar şol jaýda (kwartirada) ýaşan bolsalar hem-de miras beriji aradan çykandan soň ýaşamagy dowam etdirýän bolsalar;

Türkmenistanyň Süýşürintgiler bankyndaky we beýleki kredit edaralaryndaky goýumlar üçin, şahsyýeti we emlägi strahowaniýe etmek şertnamalary boýunça öwezini doluş pullary, döwlet zaýomlarynyň obligasiýalary, iş hakynyň möçberleri, awtorlyk hukugy, awtorlyk gonorarynyň hem-de açyş, oýlap tapyş, rasionalizatorçylyk teklip we senagat nusgalary üçin tölegleriň möçberleri üçin;

terrorçylykly hereketiň netijesinde jebir çeken şahsyň emlägi üçin, eger-de olar şol şahsyň ekleýjisini ýitiren maşgala agzalary bolsalar;

17-20 kiçi punktlary Türkmenistanyň Prezidentiniň 02.10.1998 ý. çykaran № PP-2646 Permany esasynda güýjüni ýitiren.

21) graždanlary - olara parahatçylyk döwründe harby gulluk geçýän mahaly wepat bolan harby gullukçylaryň we harby gurluşykçylaryň aradan çykandygy hakynda düzediş şahadatnamalarynyň berlendigi üçin;

22) graždanlyk hem-de Beýik Watançylyk urşunyň inwalidlerini we gatnaşyjylaryny, Çernobyl awariýasynyň zyýanly netijelerini ýok etmäge gatnaşyjylary, internasionalist esgerleri hem-de wepat bolan harby gullukçylaryň maşgalalaryny - olaryň ýaşaýan, döwlet ýaşaýyş fondundaky kwartiralary (jaýlary) meýletin başlangyçlarda olaryň eýeçiligine berlen mahaly;

23) graždanlary - olara ýolagçylaryň hökmany strahowaniýesi boýunça öwezini doluş summalaryny miras almak hem-de graždanlara degişli emlägiň hökmany strahowaniýesi boýunça öwezini doluş pul miras almak hukugy hakynda şahadatnamalaryň berlendigi üçin;

24) graždanlary - olara reabilitasiýa hakyndaky delil hatlary bar mahalynda reabilitasiýa edilen garyndaşlarynyň aradan çykandygy hakyndaky şahadatnamalaryň gaýtadan berlendigi ýa-da ozal berlen şahadatnamalaryň çalşyrylandygy üçin;

25) emlägiň esassyz edilinendigi ýa-da tygşytlanylandygy (esassyz baýlaşmak) netijesine alnan summalary ýa-da ejir çekenleriň stasionar bejerişi üçin sarp edilen çykdajylaryň summasyny töletdirmek hakynda prokuroryň döwlet, kooperatiw we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bähbitleri ugrunda hem-de suduň öz inisiatiwasy boýunça hojalyk suduna beren hak isleg arzalaryny;

26) Türkmenistanyň pension fonduny we onuň organlaryny - hökmany tölegleri fiziki taraplara töletdirmek hakyndaky hak-islegleri boýunça;

27) gozgalmaýan emläge bolan hukuklarynyň we onuň bilen bagly geleşikleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin:

a) ähli topardaky maýyp adamlary, Beýik Watançylyk urşunyň we beýleki döwletleriň çägindäki söweş hereketleriniň weteranlaryny, Beýik Watançylyk urşunyň we beýleki döwletleriň çägindäki söweş hereketlerinde wepat bolan (aradan çykan) weteranlaryň dul galan ýanýoldaşlaryny, radiasiýa heläkçiliginiň we betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adamlary, ata-enesiniň howandarlygyndan galan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary;

b) döwlet ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýaşaýyş jaýlaryny hususylaşdyrylmagynyň netijesinde ýüze çykan eýeçilik hukugy döwlet tarapyndan bellige alynanda;

ç) paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan bolsa, onda şeýle şertnama döwlet tarapyndan bellige alynanda;

d) gozgalmaýan emläge bolan «Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň güýje girmeginden öň ýüze çykan hukuklar, hukuklaryň borçlanmasy döwlet tarapyndan bellige alynanda;

e) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolandyryş-çäk düzümlerine, ilatly ýerlere we olaryň düzüm böleklerine, şeýle hem döwlet kärhanalaryna, guramalaryna, edaralaryna, beýleki obýektlere atlaryň dakylmagy we olaryň atlarynyň üýtgedilmegi bilen bagly, gozgalmaýan emlägiň kybaplaşdyryş maglumatlarynyň üýtgedilmegi döwlet tarapyndan bellige alynanda;

ä) kazyýet, beýleki ygtyýarly edaralar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gozgalmaýan emlägiň tussag edilmegi we onuň ýatyrylmagy barada degişli arzalar gelip gowşanda umumy esaslarda döwlet tarapyndan bellige alynanda;

f) kazyýetiň çözgüdi bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça we tertipde gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy ýatyrylan ýa-da üýtgedilen mahalynda Döwlet sanawyndaky ýazgy, degişlilikde ýatyrylanda ýa-da üýtgedilende;

g) gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin döwlet pajyndan boşadylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

IV. Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň hem-de onuň ýerlerdäki organlarynyň aýry-aýry tölegçiler we tölegçileriň toparlary üçin döwlet pajy boýunça goşmaça ýeňillikleri bellemäge hukugy bardyr.

V. Döwlet pajy nagt pul görnüşinde paç markalary arkaly, şeýle hem tölegçiniň kredit edarasyndaky sçýotyndan serişde geçirmek arkaly tölenilýär.

VI. Tölenilen döwlet pajy şu aşakdaky halatlarda doly ýa-da kem-käsleýin gaýtarylyp berilmäge degişlidir:

1) paç ulanylýan kanun boýunça talap edilýäninden has uly möçberde tölenilende;

2) arza (şikaýat) gaýtarylyp berlende ýa-da ony kabul etmekden ýüz dönderilende, şeýle hem notarial hereketleri etmäge ygtyýarly bolan organlar şeýle hereketleri etmekden ýüz dönderende;

3) iş boýunça önumçilik bes edilende ýa-da hak-islegi garalman galdyrylanda, eger-de iş sudda ýa-da hojalyk sudunda garamaga degişli bolmasa, şeýle hem hak-isleýji deslapdan çözmegiň işleriň şu kategoriýasy üçin bellenilen tertibini berjaý etmedik mahalynda ýa-da hak-islegi hukuk kämilligi ýok adam tarapyndan berlen mahalynda;

4) kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolmadyk är-aýalyň özara ylalaşmagy boýunça nikanyň registrasiýa edilendigi ýa-da bozulandygy üçin paç tölenilen halatda, eger nikany bozmak är-aýallaryň ýaraşmagy ýa-da olaryň biriniň gelmezligi sebäpli geçirilmedik bolsa;

5) umumy graždan daşary ýurt pasportyny bermekden ýüz dönderilende;

6) Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan kesgitlenilen beýleki halatlarda.

VII. Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda çykaran №258 Permanyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 29-njy noýabry

№ PP-1077