Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini üýtgetmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümini üýtgetmek hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň

düzümini üýtgetmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý., № 11, 1639-njy madda)

«Magtymguly adyndaky Halkara baýragy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 12-nji martynda çykaran №333 Permany bilen tassyklanylan, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümine üýtgetmeler girizip, ony şu aşakdaky redaksiýada beýan etmeli:

“Magtymguly adyndaky halkara baýraklary baradaky komitetiň

DÜZÜMI

Berdinazar Hudaýnazarow - Türkmenistanyň Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň başlygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy (Komitetiň Başlygy)

Durdymuhammet Gurbanow - ýazyjy, žurnalist, Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary (Komitetiň başlygynyň orunbasary)

Lýudmila Konstantinowna Glazowskaýa – ITAR-TASS-yň Türkmenistandaky öz habarçysy (Komitetiň jogapkär sekretary)

Aşyr Kulyýew - kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti

Täçmämmet Jürdekow - «Tokmak» žurnalynyň baş redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy

Kakabaý Ylýasow - Boldumsaz etrabynyň medeniýet bölüminiň, müdiri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy

Ýazmyrat Mämmediýew - Türkmenistanyň halk ýazyjysy

Mehmet Saraý - taryh doktory, Dünýä türkmenleriniň gumanitar birleşiginiň Prezidiumynyň agzasy (Türkiýe Reslublikasy)

Sylap Hudaýberdiýew - Türkmenistanyň halk hudožnigi

Annageldi Esenow - Aşgabat şäheriniň Arhitektura we şäher gurluşygy baradaky baş uprawleniýesiniň naçalnigi, Aşgabat şäheriniň baş arhitektory, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň agzasy”.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 23-nji noýabry

№ PP-1072