Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligini döretmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar
ministrligini döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 12, 7626-njy madda)
1. Türkmenistanyň Söwda we serişdeler ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligini birleşdirip, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligini döretmeli.
2. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Türkmenistanyň, Ýustisiýa ministrligi bilen ylalaşyp, Ministrlik hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 28-nji dekabry
№ PP-2726