Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Hudožnikleriň bir toparyna «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Hudožnikleriň bir toparyna «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P Е R M A N Y

Hudožnikleriň bir toparyna «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 9, 1524-nji madda)

Türkmenistanyň şekillendiriş sungatyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin:

Žiwopisçi hudožnik Garataý Begjanowa,

«Tokmak» žurnalynyň redaksiýasynyň çeperçilik redaktory Nurmuhammet Berdiýewe,

heýkeltaraş Еdi Mededowa,

amalçy hudožnik Annaguly Hojagulyýewe,

žiwopisçi hudožnik Baýram Hojammaýewe «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 11-nji sentýabry

№ PP-999