Ç. Baýgeldiýew, A. Nurgeldiýew we A. Pajaýew ýoldaşlary «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ç. Baýgeldiýew, A. Nurgeldiýew we A. Pajaýew ýoldaşlary «Gaýrat»
medaly bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 11, 7567-nji madda)
Çeken önjeýli zähmeti we bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetini pugtalandyrmak hem-de «10 ýyl durnuklylyk» we «1000 gün» maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de milli puluň - manadyň girizilmeginiň bäş ýyllygy mynasybetli:
Türkmenistanyň Daýhan banklary assosiasiýasynyň Merkezi bankynyň prawleniýesiniň başlygy Çarygeldi Baýgeldiýewi,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Amanmuhammet Nurgeldiýewi,
«Inwestbank» paýdarlar-inwestision kommersiýa bankynyň prawleniýesiniň başlygy Amanmyrat Pajaýewi «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 2-nji noýabry
№ PP-2669