Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň graždanlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda çagyryş boýunça gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň graždanlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 9, 7490-njy madda)
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyňa laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda çagyryş boýunça harby gullugy geçýän, bellenilen möhletleri gulluk eden harby gullukçylary 1998 ýylyň noýabrynda - dekabrynda gullukdan boşatmaly.
2. Çagyryş günune çenli 18 ýaşy dolan çagyryşdan gaýra goýmaga hukugy bolmadyk Türkmenistanyň erkek graždanlaryny, şeýle hem çagyryşdan gaýra goýmaga hukugyny ýitiren uly ýaşly graždanlary 1998 ýylyň oktýabrynda - dekabrynda harby gulluga çagyrmaly.
3. Şu Perman çap edilen pursatyndan başlap güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 24-nji sentýabry
№ PP-2637