Mary GRES-niň işgärleriniň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ
P Е R M A N Y
Mary GRES-niň işgärleriniň bir toparyna «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1993 ý., № 6, 1339-njy madda)
Türkmenistanyň energetikasyny ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin we Margy GRES-niň 20 ýyllygy bilen baglanyşyklylykda:
smena naçalnigi Bäşim Atadurdyýewe;
elektrosehiň elektroslesary Allanazar Güjikowa;
merkezleşdirilen remont sehiniň slesary Ýazguly Gurbanowa;
seh naçalnigi Atamyrat Myradowa «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1993-nji ýylyň 19-njy iýuny
№ PP-911