Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ösümlikleriň karantini baradaky döwlet inspeksiýasyny ýapmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ösümlikleriň karantini baradaky döwlet inspeksiýasyny ýapmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ösümlikleriň karantini baradaky döwlet inspeksiýasyny ýapmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 8, 7384-nji madda)

1. Türkmenistanyň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ösümlikleriň karantini baradaky döwlet inspeksiýasyny ýapyp, onuň wezipelerini Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrligine bermeli.

2. Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi ulanylýan kanunçylyk we kadalaşdyryş aktlaryna degişli üýtgetmeleri girizmek hakynda teklipleri taýýarlamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 4-nji awgusty

№ PP-2575