«Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Galkynyş» ordeni bilen sylaglamak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 6, 7282-nji madda)
Garaşsyz bitarap Türkmenistanyň oba hojalygyny ösdürmäge, ýer reformasyny durmuşa geçirmäge, «Däne» maksatnamasyny ýernne ýetirmäge goşan uly şahsy goşandy we ýokary zähmet görkezijileri üçin:
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkimi Gedaý Ahmedowy,
Lebap welaýatynyň Sakar etrabynyň häkimi Jora Açylowy,
Lebap welaýatynyň Boýnyuzyn etrabynyň häkimi Ýoldaş Gurbanowy
Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň häkimi Narguly Rozybaýewi,
Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi Babaguly Hudaýberdiýewi «Galkynyş» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 16-njy iýuny
№ PP-2536