«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakşda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
«Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakşda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 6, 7274-nji madda)
Uly zähmet üstünliklerini hem-de ýurduň energetikasyny we senagatyny ösdürmäge goşan uly goşandyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanda birinji şeker fabriginiň işe girizilmegi mynasybetli:
Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň «MaryGRESgurluşyk» gurluşyk birleşiginiň «MaryGRESgurluşyk» gurluşyk uprawleniýesiniň V derejeli betonçysy Çarymuhammet Orazowiç Akmyradowy,
Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň «Lebapgurluşyk» trestiniň uprawlýaýuşisi Osman Allakowy,
Türkmenistanyň Energetika we Senagat ministriniň birinji orunbasary - «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň başlygy Töre Ahunowiç Ahunowy «Gaýrat» medaly bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 10-njy iýuny
№ PP-2526