Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

B. F. Nagorýanskiý we A. G. Akmyradow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

B. F. Nagorýanskiý we A. G. Akmyradow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

B. F. Nagorýanskiý we A. G. Akmyradow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 6, 7273-nji madda)

Uly zähmet üstünliklerini hem-de ýurduň energetikasyny we senagatyny ösdürmäge goşan uly goşandyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanda birinji şeker fabriginiň işe girizilmegi mynasybetli:

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Türkmen döwlet «Kuwwat» energotehnologik korporasiýasynyň, Marydaky «Maryenergohimsenagat» pudagara birleşiginiň Mary GRES-iniň şeker fabriginiň baş inženeri Wladimir Fýodorowiç Nagorýanskä,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň Türkmen döwlet «Kuwwat» energotehnologik korporasiýasynyň Marydaky «Maryenergohimsenagat» pudagara biirleşiginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Agajuma Gurbangeldiýewiç Akmyradowa «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 10-njy iýuny

№ PP-2525