Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

W. P. Prawdin we M. Hydyrow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

W. P. Prawdin we M. Hydyrow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

W. P. Prawdin we M. Hydyrow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 6, 7272-nji madda)

Uly zähmet üstünliklerini hem-de ýurduň energetikasyny we senagatyny ösdürmäge goşan uly goşandyny nazara alyp, şeýle hem Türkmenistanda birinji şeker fabriginiň, işe girizilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Energetika we senagat miňistrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň «MaryGRESgurluşyk» gurluşyk birleşiginiň «MaryGRESgurluşyk» uprawleniýesiniň, № 2 gurluşyk uçastogynyň başlygy Waleriý Pawlowiç Prawdine,

Türkmenistanyň Energetika we senagat ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserninniň «Türkmenelektromontaž» firmasynyň Marydaky uçastogynyň başlygy Muhammedaman Hydyrowa «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 10-njy iýuny

№ PP-2524