Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Graždanlaryň aýry-aýry kategoriýalaryna goşmaça ýeňillikler bermek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Graždanlaryň aýry-aýry kategoriýalaryna goşmaça ýeňillikler bermek hakynda

TÜRKMЕNISTANYŇ PRЕZIDЕNTINIŇ

P E R M A N Y

Graždanlaryň aýry-aýry kategoriýalaryna goşmaça ýeňillikler

bermek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy 1993 ý. № 5, 1266-njy madda)

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlaryň we olar bilen deňleşdirilen adamlaryň sosial goraglylygyny mundan beýläk-de güýçlendirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň ýaşy boýunça pensiýa alýan graždanlarynyň pensiýalarynyň möçberini aşakda görkezilişi ýaly ýokarlandyrmaly:

a) Beýik Watançylyk urşunyň inwalidlerine we olar bilen deňleşdirilen adamlara (Beýik Watançylyk urşy döwründe harby hereketleriň raýonynda, demir ýollarynyň frontýaka uçastoklarynda, goranyş desgalaryny, harby-deňiz bazalaryny we aerodromlary guramakda ýaralanmagy, saňsar ýa-da maýyp bolmagy bilen baglanyşyklylykda inwalid bolan Beýik Watançylyk urşunyň partizanlaryna, işçilere we gullukçylara, gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahaly inwalid bolan, Goranmak ministrliginiň Ýaragly Güýçleriniň, Içeri işler ministrliginiň, Milli goranmak komitetiniň goşunlarynyň harby gullukçylaryna, Milli howpsuzlyk komitetiniň we Içeri işler ministrliginiň organlarynyň ýolbaşçy we rýadowoýlar düzüminden bolan adamlara): 1 we II toparlara degişli inwalidlere - ýaşy boýunça iň az pensiýanyň 200 prosenti möçberinde, III topara degişli inwalidlere we Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy aýallara ýaşy boýunça berilýän iň az pensiýanyň 125 prosenti möçberinde;

b) hereket edýän goşunyň, partizan otrýadlarynyň we birikmeleriniň düzüminde gulluk eden harby gullukçylardan bolan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara (şu maddanyň «a» punktunda görkezilen adamlardan başgasy), internasional borjuny ýerine ýetiren mahaly söweş hereketlerine gatnaşan harby gullukçylara, şol sanda goşunyň awiasiýanyň we flotuň Ýaragly Güýçlerinde, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk komitetiniň goşunlarynyň hem-de organlarynyň erkin hakyna tutmalar düzüminden bolup, Beýik Watançylyk urşy döwründe hereket edýän goşunyň düzümine giren harby bölümlerde, ştablarda we edaralarda ştatdaky wezipeleri eýelän adamlara - ýaşy boýunça berilýän iň az pensiýanyň 75 prosenti möçberinde;

w) Beýik Watançylyk urşy döwründe hereket edýän goşuna girmedik, goşunyň, awiasiýanyň we flotuň Ýaragly Guýçlerinde, serhet, demir ýol goşunlarynda, Içeri işler ministrliginiň, Milli howpsuzlyk komitetiniň goşunlarynda azyndan 12 aý gulluk eden graždanlara (şu maddanyň «a» we «b» punktlarynda görkezilen adamlardan başgasy) - ýaşy boýunça berilýän iň az pensiýanyň 50 prosenti möçberinde;

g) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Türkmenistanyň territoriýasynda azyndan 24 aý işlän graždanlara (şu maddanyň «a» - «w» punktlarynda görkezilen adamlardan başgasy) - ýaşy boýunça berilýän iň az pensiýanyň 50 prosenti möçberinde;

d) Leningrad şäheriniň gabawda bolan döwründe (1941-nji ýylyň 8-nji sentýabryndan 1943-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda çenli) şäheriň kärhanalarynda, edaralarynda we guramalarynda işlän Türkmenistanyň graždanlaryna (şu maddanyň «a» - «g» punktlarynda görkezilen adamlardan başgasy) hem-de nemes-faşistleri we olaryň soýuzdaşlary tarapyndan Beýik Watançylyk urşy döwründe döredilen konslagerleriň, gettolaryň we beýleki mejbury saklanyş ýerleriniň ozalky kämillik ýaşyna ýetmedik bendilerine - ýaşy boýunça berilýän iň az pensiýanyň 50 prosenti möçberinde.

Şu maddanyň «a»-«d» punktlarynda göz öňünde tutulan pensiýalara goşmaça haklar, goşmaça tölegler we artdyrmalar pensiýanyň iň köp möçberinden artyk ýokarlandyrylýar hem-de şol bir wagtda hasaplanylyp ýazylyp bilner.

2. Şu Permany 1993-nji ýylyň 9-njy maýynda güýje girizmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow

Aşgabat şäheri

1993-nji ýylyň 6-njy maýy

№ PP-867