Ýoldaş R. Rejebowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Ýoldaş R. Rejebowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 4, 7213-nji madda)
Garaşsyz, bitarap Türkmenistanyň saz sungatyny ösdürmäge goşan uly goşandy, hünärde ýokary ussatlygy hem-de halk içinde giň ýaýran saz eserlerini döredendigi üçin, Türkmenistanyň Kompozitorlar birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli konserwatoriýasynyň prorektory, kompozitor Rejep Rejebowa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ady dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat ş.
1998-nji ýylyň 27-nji apreli
№ PP-2501