Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Ýatlama gününi Ählihalk matam güni diýip yglan etmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Ýatlama gününi Ählihalk matam güni diýip yglan etmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Ýatlama gününi Ählihalk matam güni diýip yglan etmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 4, 7210-njy madda)

1948 ýylyň 6 oktýabryndaky Aşgabat ýertitremesiniň pajygaly güni gurban bolanlaryň röwşen ýadygärligini hormatlap, şäheri harabalykdan dikelden adamlaryň ýanbermezligine, mertligine we gaýratlylygyna tagzym edip, ýaşlary ruhy-ahlak taýdan terbiýelemegiň däplerine eýerip, karar edýärin:

her ýylyň 6 oktýabryny - Ýatlama gününi Ählihalk matam güni diýip yglan etmeli.

Şol gün bütin ýurtda we Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky wekilçiliklerinde döwlet baýdaklaryny egmeli, ýer titremesinde pajygaly ýagdaýda heläk bolanlaryň ýagty ýadygärligine bagyşlap ýatlama dessurlaryny geçirmeli, Türkmenistanyň Metjitlerinde we buthanalarynda aýat-dogalaryň okalmagyny guramaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 6-njy apreli

№ PP-2496