Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

A. N. Goçow we D. Gurbanow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

A. N. Goçow we D. Gurbanow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

A. N. Goçow we D. Gurbanow ýoldaşlara «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 3, 7163-nji madda)

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň aýdym-saz sungatyny wagyz etmekde bitiren uly hyzmatlary we ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy üçin, Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň № 25 orta mekdebiniň aýdym-saz mugallymy Agamyrat Nurmuhammedowiç Goçowa hem-de Lebap welaýatynyň Çärjew şäher häkimliginiň medeniýet bölüminiň «Mekan» medeniýet öýüniň aýdymçysy Daňatar Gurbanowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ady dakmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 20-nji marty

№ PP-2489