Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň polisiýasyny döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň polisiýasyny döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň polisiýasyny döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 2, I-bölek, 7074-nji madda)

Türkmenistanyň garaşsyzlyk we bitaraplyk statusyna eýe bolmagy mynasybetli düýpli özgerişlikleriň bolup geçmegi, jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek, jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça dünýädäki hukuk goraýjy sistema goşulyşmagy çaltlandyrmak bilen baglanyşyklylykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň sistemasynda milisiýanyň bar bolan birlikleriniň binýadynda polisiýa birliklerini döretmeli.

2. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi:

Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi bilen bilelikde gaýtadan guralan gurluş birlikleriniň guramaçylyk, maddy-tehniki hem-de maliýe üpjünçiligi baradaky teklipleri 2 hepde möhletde taýýarlamalydyr we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna girizmelidir;

Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi we beýleki dahylly wedomstwolar bilen ylalaşyp, ulanylýan kanunlary şu Permana laýyk getirmek baradaky teklipleri taýýarlamalydyr.

3. Şu Perman oňa gol çekilen pursatyndan başlap güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 19-njy fewraly

№ PP-2477