Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Oraza baýramyny bellemek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Oraza baýramyny bellemek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Oraza baýramyny bellemek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1998 ý., № 1, 7005-nji madda)

Türkmen halkynyň mukaddes däp-dessurlaryny özüne gaýtaryp bermek baradaky asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň merdana halkynyň asudalygyny, agzybirligini, jebisligini, ruhy we wyždan ynanjyny, ahlak-ynsap päkligini has berkitmek maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzyň ýaşulularynyň haýyşyny nazara alyp, karar edýärin:

1. 1998 ýyldan başlap hijri-kamary hasaby boýunça baýram aýynyň birinji güni bellenilýän Oraza baýramy halkymyzyň Milli baýramy diýip yglan etmeli we ony iş güni däl diýip hasaplamaly.

2. Halkymyzyň Milli baýramy bolan Oraza baýramy mynasybetli, 1998 ýylyň 30 ýanwaryny iş güni däl diýip yglan etmeli.

3. Türkmenistanyň Zähmet hakyndaky kanunlar kodeksiniň 66 maddasyna: «Oraza baýramy bolan hijri-kamary ýylynyň baýram aýynyň birinji gününde» diýen sözleri goşmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat ş.

1998-nji ýylyň 14-nji ýanwary

№ PP-2432