Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ilaty sanitariýa taýdan arassalanan suw bilen üpjün etmek baradaky komiteti döretmek hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ilaty sanitariýa taýdan arassalanan suw bilen üpjün etmek baradaky komiteti döretmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ilaty sanitariýa taýdan arassalanan suw bilen üpjün etmek baradaky komiteti döretmek hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 12, 6023-nji madda)

Türkmenistanyň ilatyny oňat hilli agyz suwy bilen üpjün etmek, ony umumy baýlyk hökmünde rejeli peýdalanmak boýunça döwlet syýasatyny ýöretmek maksady bilen, karar edýärin:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ilaty sanitariýa taýdan arassalanan suw bilen üpjün etmek baradaky komiteti döretmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 18-nji dekabry

№ PP-2426