Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly

bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 12, 6018-nji madda)

Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, ilat arasynda agzybirligi, abadançylygy, jebisligi wagyz etmekde bitiren uly hyzmatary üçin, Türkmenistanyň Milli teleradiokompaniýasynyň işgärleri Aýsoltan Begenjowa, Mähri Rejebowa, Nurjahan Saparowa, Ogulkeýik Saparlyýewa we Penjiwar Ylýasow ýoldaşlary «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 16-njy dekabry

№ PP-2421