Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky uprawleniýesini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitete öwürmek hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
P E R M A N Y
Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky uprawleniýesini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitete öwürmek hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 12, 6013-nji madda)
Gidrometeorologiýa gözegçilikleriniň döwlet sistemasyny guramagy gowulandyrmak we ony netijeli ösdürmek, şeýle hem Türkmenistanyň halk hojalygynyň pudaklaryna ýokary hilli we wagtynda hyzmat etmek maksady bilen, karar edýärin:
Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak Ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky uprawleniýesini Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitete öwürmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1997-nji ýylyň 15-nji dekabry
№ PP-2413