Resmi tekstler · Türkmenistanyň hukuk maglumatlary

Resmi asyl nusga Tekstiň nusgasy · 14.08.2026

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

14.08.2026 senesindäki resmi tekst

Portalda täzelendi · 14.08.2026

Çap edilen terjime ýok — resmi asyl nusga (TK) görkezilýär.

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

P E R M A N Y

«Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda

(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 10, 5953-nji madda)

Ýurtda pul dolanyşygyny durnuklylaşdyrmak we pugtalandyrmak boýunça çeken önjeýli zähmetini, bitarap Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösmegini üpjün etmäge goşan şahsy goşandyny nazara alyp hem-de milli puluň - manadyň girizilmeginiň dört ýyllygy mynasybetli:

«Aşgabat» paýdarlar-kommersiýa bankynyň prawleniýesiniň başlygy Muhammetguly Orazmämmedowy,

Türkmenistanyň Süýşürintgiler bankynyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Nurgözel Geldiýewany,

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Batyr Kerimowiç Sähedowy,

Daýhan banklarynyň assossasiýasynyň Merkezi bankynyň prawleniýesiniň başlygynyň orunbasary Bekmyrat Halbaýewiç Bekiýewi,

Daýhan banklarynyň assossasiýasynyň Merkezi bankynyň Gyzylarbat bölüminiň baş buhgalteri Lýubow Mihaýlowna Soçnewany,

«Inwestbank» paýdarlar-inwestision kommersiýa bankynyň maliýe-ykdysadyýet departamentiniň direktory Irina Sergeýewna Öwezmyradowany «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen ýubileý medaly bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy

Aşgabat şäheri

1997-nji ýylyň 31-nji oktýabry

№ PP-2389